Iň täze habarlar

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Howpszulyk Geňeşini täzeçil düzmegi öňe sürýär

10.06.2023 | 12:54 |
 Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Howpszulyk Geňeşini täzeçil düzmegi öňe sürýär

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini täzeçil düzmegiň möhümdigini mälim etdi. Onuň mälim etmegine görä, Geňeşiň düzüminde özgertmeleriň geçirilmezligi global meseleleri çözmekde kynçylyklary döredýär. Bu barada Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň “Astana” halkara forumynda eden çykyşyna salgylanyp, Prezidentiň metbugat gullugy mälim edýär.

“BMG ähli adamzady özüne birleşdirýän dünýäde ýeketäk global gurama bolup durýar. Şoňa görä-de, biz Guramanyň Howpsuzlyk Geňeşini özgertmezden, häzirki döwrüň meselelerini çözmekde üstünlige ýetip bilmeris. Munuň üçin “orta derejedäki” ýurtlaryň wekilleriniň Geňeşiň düzüminde sesleriniň eşidilmegi we ähmiýetli hasaplanmagy zerur” diýip, Prezident Tokaýew belleýär.

Şeýlelikde, Gazagystan indi köp ýyldan bäri BMG-niň esasy düzüminiň işini özgertmek boýunça çykyş edýän ýurtlaryň hataryna goşuldy.

Howpsuzlyk Geňeşi global durnuklylygyň we howpszulygyň üpjün edilmegi babatda iş alyp barýan BMG-niň iri düzüm birlikleriniň biridir. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa, Fransiýa we Hytaý bu Geňeşiň hemişelik agzalarydyr. Geňeşiň düzümine agzalyga ýene 10 ýurt her 2 ýyl möhlet bilen saýlanýar.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalygynyň düzümine dürli ýyllarda Braziliýa, Indoneziýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Türkiýe we beýleki döwletler hem agza boldular.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik düzümine Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriniň hem goşulmalydygyny şu ýylyň mart aýynda mälim edipdi.

Foto: peacekeeping.un.org

Şeýle hem okaň: