Moskwa toý syýahatçylygynyň çäginde “Bagtyň täze salgylaryny” hödürleýär
06.06.2023 | 20:23 |Moskwa ýaş jübütleri we ähli aşyk-magşuklary Russiýanyň paýtagtynda durmuş gurmagy teklip etmäge we nikalaşmaga çagyrýar. Toý syýahatçylygynyň şäherde bu pudagyň esasy ugurlarynyň birine öwrülmek mümkinçilikleri uludyr – diýip, TASS paýtagtyň syýahatçylyk komitetiniň başlygy Ýewgeniý Kozlowyň sözlerini getirýär.
"Biziň ösdürjek taslamalarymyzyň biri, örän üýtgeşik ýagdaýda, gyzykly gurşawda nikalaşmak teklibini hödürlemek mümkinçiligi" – diýip, Kozlow aýtdy. Moskwada nika baglaşylmagyny bellige almak üçin ajaýyp ýerleri “Täze bagt salgylary” atly ýörite taslamanyň saýtynda saýlap bilersiňiz. Portalda 30-dan gowrak ýeriň suratlary we jikme-jik beýany, elýeterli seneleri, şeýle hem arza bermegiň gönükdirmesi bar.
Mysal üçin, maý aýynda toý dabaralary üçin “Spartak” stadiony, “Moskwa-siti” işewürlik merkeziniň “Oko” we “Federasiýa” diňleri, Murawýow-Apostolow mülkleri we başgalar uly isleg bildirilen ýerler boldy.
ORIENT news