Iň täze habarlar

Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty uly göwrümli ýüki kabul etdi

08.06.2023 | 13:52 |
 Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty uly göwrümli ýüki kabul etdi

Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty iri göwrümli karýer enjamynyň ikisini kabul etdi – diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýty habar berýär.

Germaniýada öndürilen enjamy deňiz ýoly arkaly Türkiýäniň portlaryndan getirildi. Ol Lebapdaky sement zawodynyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulanylar. Getirilen tehnikanyň her biriniň agramy 125 tonnadyr.

Türkmenistana getirilýän iri göwrümli we agyr ýükleri düşürmek üçin Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň baş ýükler terminalynda hersiniň ýük göterijiligi 330 tonna deň bolan Liebherr kranyndan ikisi bar (olaryň ýük göterijiligini 750 tonna çenli artdyrmak mümkinçiligi bar).

ORIENT habarlar

Foto: tmrl.gov.tm

Şeýle hem okaň: