Iň täze habarlar

Türkmenistan we MAGATE tehniki hyzmatdaşlyk etmegiň çarçuwalaýyn maksatnamasyny taýýarlaýarlar

08.06.2023 | 11:55 |
 Türkmenistan we MAGATE tehniki hyzmatdaşlyk etmegiň çarçuwalaýyn maksatnamasyny taýýarlaýarlar

Türkmenistan üçin Çarçuwalaýyn maksatnamany taýýarlamak boýunça maslahat ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleriniň we Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirildi – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Ýurt üçin çarçuwalaýyn maksatnama – bu MAGATE we hökümet tarapyndan ylalaşylan tehniki özara gatnaşygyň kesgitli bir döwür üçin hyzmatdaşlygyň mehanizmidir.

Maslahatyň barşynda türkmen tarapy daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň baştutanlygynda resmi Aşgabadyň garaýşyny beýan etdi, oňa laýyklykda resminama işlenip düzülende ýurdumyz Türkmenistanyň 2022-2052 ýyllarda sosial-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasyndan ugur alar.

Olaryň arasynda – lukmançylyk, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygy, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, radiasiýa materiallaryny we tehnikany howpsuz dolandyrmak we hukuk binýadynyň ösdürilmegi bar.

Şeýle hem garalýan resminamanyň deslapky taslamasynda berkidilen Türkmenistan bilen MAGATE-niň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna deglip geçildi.

ORIENT habarlar

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: