Iň täze habarlar

GDA-da hyzmatlaryň erkin söwdasy barada ylalaşygyň taslamasy Belarusyň Prezidenti tarapyndan tassyklandy

06.06.2023 | 21:50 |
 GDA-da hyzmatlaryň erkin söwdasy barada ylalaşygyň taslamasy Belarusyň Prezidenti tarapyndan tassyklandy

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko GDA-da hyzmatlaryň erkin söwdasy hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny tassyklady – diýip, BelTA Belarus lideriniň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.

Resminama Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynda hyzmatlaryň erkin söwdasy zolagyny döretmegi we maýa goýumlary amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, şeýle hem raýatlygyna, hasaba alnan ýerine we eýeçilik hukugynyň görnüşine garamazdan, ykdysady gatnaşyklara gatnaşyjylaryň deňligi we diskriminasiýa edilmezligi ýörelgelerini kesgitleýär. Mundan başga-da, ylalaşykda GDA ýurtlarynyň kompaniýalarynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmat, önümçilik we oba hojalygy pudagyndaky işleri üçin goşmaça şertler göz öňünde tutulýar.

Habarda: "Ylalaşygyň baglaşylmagy senagat hyzmatdaşlygynyň ösmegine, innowasiýalaryň girizilmegine, GDA agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň mundan beýläk-de ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine goşant goşar" – diýlip, bellenilýär.

ORIENT news

Foto: Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň resmi web sahypasy

Şeýle hem okaň: