Iň täze habarlar

Türkmenistan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üçin daşary ýurt tejribesini seljerdi

07.06.2023 | 11:21 |
 Türkmenistan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üçin daşary ýurt tejribesini seljerdi

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýa Orazow Türkmenistanyň wekiliýetiniň döwlet ähmiýetli täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça Ýewropadan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we Hytaýdan bolan kärdeşleri bilen geňeşmeleri geçirendiklerini habar berdi.

Bu barada ol Arkadag şäheriniň ösüşine bagyşlanan iş maslahatynyň barşynda habar berdi. Maslahat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçdi – diýip, TDH habar berýär.

Türkmen wekiliýetleriniň ekologiýa we suw serişdelerini önümçilik maksatlary üçin ulanmak meseleleri boýunça maslahatlaşandyklary bellenildi. Bu jähtde türkmen halkynyň Milli Lideri ýerli çeşmelerdäki suwuň şypa beriji güýje eýedigini we arassadygyny belledi.

Günorta koreýaly kärdeşler bilen täze şäheriň çäginde bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan etmegine görä ýerli çig malyň esasynda dürli dermanlary we erginleri öndürmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

ORIENT habarlar

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: