Iň täze habarlar

Türkmen-eýran işewürlik forumy 17-nji iýunda Maşatda geçer

06.06.2023 | 13:28 |
 Türkmen-eýran işewürlik forumy 17-nji iýunda Maşatda geçer

Iki ýurduň telekeçiler düzümleriniň gatnaşmagyndaky nobatdaky Türkmen-eýran işewürlik-forumyny 17-nji iýunda Maşatda geçirmek bellenildi. Bu barada Eýranyň söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalyk palatasynyň portaly ýazýar – diýip, Tehran Times habar berýär.

Çäräni gurnaýjylar bolup Maşadyň söwda-senagat palatasy we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara topary çykyş edýärler. Forumyň iki goňşy ýurduň arasynda işewürlik dialogynyň işjeňleşmegine gönükdiriljekdigi bellenýär.

Şuňa meňzeş soňky türkmen-eýran işewürlik forumy şu ýylyň fewralynda geçipdi. Şonda işewür-jemgyýetler Türkmenistanyň Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň çäginde duşuşypdylar.

Duşuşygyň barşynda iki döwletiň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşyklary özara hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmak üçin ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary geçiripdiler.

ORIENT habarlar

Foto: depositphotos.com

Şeýle hem okaň: