Minskde GDA ýurtlarynyň Amaly demografiýa boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler
31.05.2023 | 00:15 |Belarus döwlet uniwersitetinde ilkinji gezek GDA ýurtlarynyň Amaly demografiýa boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler. Ol 26-njy iýunda başlar we 1-nji iýula çenli dowam eder – diýip, BelTA agentligi habar berýär.
Bilim kämilleşdiriş çäresine arkalaşygyň ýurtlaryndan ykdysady we geografiki hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler. Mekdebe bäsdeşlik esasynda girip bolar - "Jemgyýetiň gündelik durmuşynda we döwletiň ösüşinde demografiýanyň roly" mowzugyndaky iň oňat düzmeleriň awtorlary mugt bilim almak hukugyna eýe bolarlar. Düzmäni arza bilen bilelikde 12-nji maýa çenli guramaçylaryň salgysyna ugratmaly.
Bu çäräniň BDU-niň alymlaryna geljekki hünärmenler bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döretmegine we demografiýa pudagyndaky bilelikdäki taslama işleri arkaly olaryň hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasyny artdyrmagyna garaşylýar. Demografiýa we geografiýa maglumat ulgamlary (GMU) tehnologiýalary boýunça Belarusyň öňdebaryjy bilermenleri ArcGIS programma toplumynda işlemek we giňişlikdäki maglumatlary öwrenmek boýunça ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Diňleýjiler Belarusyň Milli statistika komitetiniň açyk statistik maglumatlar binýady bilen tanşarlar we mekdebiň mowzugy boýunça kiçi taslamalary taýýarlarlar.
ORIENT news