Türkmenistanyň wekiliýeti 19-njy Bütindünýä meteorologik kongresine gatnaşdy
02.06.2023 | 12:29 |Türkmenistanyň wekiliýeti ilçi Atageldi Haljanowyň baştutanlygynda Ženewada geçen 19-njy Bütindünýä meteorologik kongresine gatnaşdy – diýip, Türkmenistanyň Şweýsariýadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Bütindünýä meteorologik guramanyň ähli agza-ýurtlaryny birleşdiren bu halkara gurluşdaky esasy wezipelere täze adamlar saýlandy we bellendi. Häzir 193 döwlet bu guramanyň agzasy bolup durýar.
Ses bermegiň netijesi boýunça guramanyň baş sekretarlygyna Argentinanyň wekili Selesta Saulo saýlandy, prezidentligine bolsa — BAE-niň wekili Abdulla Ahmed Al-Mandus saýlandy.
Kongresiň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli ýurtlaryň çenden aşa howa şertleriniň sosial-ykdysady netijeleri boýunça durnuklylygy gazanmak, bütindünýä maýyllaşmasy sebäpli howanyň üýtgemegine we beýleki ýagdaýlara durnuklylygy gazanmakdyr.
ORIENT habarlar