Iň täze habarlar

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edarasy: hyzmatdaşlyga maýa goýum we umumy gymmatlyklar

01.06.2023 | 17:50 |
 ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edarasy: hyzmatdaşlyga maýa goýum we umumy gymmatlyklar

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga edilýän maýa goýumlaryny we umumy gymmatlyklaryň we maksatlaryň öňe ilerledilmegini aňladýar – diýip, Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew türkmen paýtagtynda guramanyň edarasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda beýan etdi.

Новый офис Центра ОБСЕ в Ашхабаде: инвестиции в партнерство и общие ценности

Ol ÝHHG üçin maksatnamalaryň, taslamalaryň we çäreleriň giň görnüşini işläp taýýarlamak we netijeli ýerine ýetirmek üçin amatly şertleri üpjün eder. Bu desga, gürrüňsiz, ÝHHG-nyň giňişliginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli amala aşyrmak üçin merkez bolup hyzmat eder» – diýip, Hajyýew aýtdy.

Täze bina Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezine muzdsyz esasda berildi.

Новый офис Центра ОБСЕ в Ашхабаде: инвестиции в партнерство и общие ценности

«Bu binany almak bilen, ÝHHG-nyň Merkezi öz funksiýalaryny we wezipelerini öz mandatyna laýyklykda has hem gowy ýerine ýetirip biler» - diýip, täze edaranyň açylyşyna gatnaşan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Helga Şmidt belledi.

Öz gezeginde, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Jon MakGregor täze döwrebap binanyň berilmeginiň «kabul edýän tarapyň hoşniýetli erkine we onuň ÝHHG bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna şaýatlyk edýär» diýip belledi. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy bähbitleriň esasynda hemmeler üçin parahatçylygy, durnuklylygy we gülläp ösüşi üpjün etmek maksady bilen, dialoga ýardam etmekde we ösdürmekde Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşydyr.

Türkmenistanyň hökümeti we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi 25 ýylyň dowamynda syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, infrastrukturany ösdürmäge we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen başlangyçlaryň birnäçesi boýunça üstünlikli özara gatnaşyklary saklaýarlar.

Новый офис Центра ОБСЕ в Ашхабаде: инвестиции в партнерство и общие ценности

ORIENT habarlar

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: