Iň täze habarlar

Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Prezidentiniň maşgalasy bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

31.05.2023 | 11:40 |
 Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň Prezidentiniň maşgalasy bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranda «Saadabad» köşkler toplumyndaky taryhy-medeni binalara baryp gördi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri geçirmek üçin goňşy ýurda saparynyň barşynda onuň ýany bilen gitdi – diýip, TDH habar berýär.

Saparyň çäklerinde Ogulgerek Berdimuhamedowa gajarlar neberesiniň dolandyrmagynyň soňky ýyllarynda gurlan «Şahwad» köşgi bilen tanyşdy. Oňa şeýle hem häsiýetli daşarky bezegi sebäpli «Ýaşyl köşk» hem diýilýär.

Toplumda şeýle hem nusgawy eýran nakgaşlygynyň ýygyndylary, milli egin-eşikler we Eýranyň medeniýeti barada düşünje berýän beýleki eksponatlar görkezilipdir.

Soňra Ogulgerek Berdimuhamedowa meşhur häzirki zaman eýran suratkeşi Mahmud Farşçian adyndaky çeperçilik muzeýine ugrady. Bu ýerdäki galereýada nakgaş tarapyndan häzirki zaman we däp bolup gelýän äheň ulanylyp çekilen eserleriniň 54-si saklanýar.

Mundan başga-da, medeni maksatnamanyň çäklerinde Ogulgerek Berdimuhamedowa «Milli muzeýiň» eksponatlaryny görkezdiler, ol ozal Şa Reza Pehlewiniň rezidensiýasy bolupdyr. Gezelenç üçin toplumyň işgärlerine minnetdarlyk bildirip, ol Eýranyň prezidentiniň maşgalasy Jamile Alamolhoda bilen agşamlyk naharyny edinmäge ugrady, agşamlygyň dowamynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

ORIENT habarlar

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: