Iň täze habarlar

Aşgabatda Argentinanyň täze ilçisi öz işine başlady

23.03.2023 | 22:58 |
 Aşgabatda Argentinanyň täze ilçisi öz işine başlady

Argentina Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýn Argentinanyň lideri Alberto Fernandesiň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen ynanç hatlaryny penşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa gowşurdy.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we jogapkärli işinde üstünlik arzuw etdi. Duşuşykda taraplar parlamentara gepleşiklere üns bermek bilen türkmen-argentina hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem, şol gün Argentinanyň ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-ministr Wepa Hajyýew tarapyndan kabul edildi. Diplomatlar iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar, medeniýet, sport we saglygy goraýyş pudaklarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler we halkara guramalar ugry boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Eduardo Antonio Zuaýn Argentina Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi we 2021-nji ýylda Belarus Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi, 2022-nji ýylyň aprelinde öz ýurdunyň Gazagystandaky ilçisi wezipesine başlady we şol ýylyň iýun aýynda – Özbegistana ilçi bellendi. Ilçiniň rezidensiýasy Moskwa şäherinde ýerleşýär.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Argentina bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.

ORIENT news

Foto: diariopanorama.com

Şeýle hem okaň: