Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Sergeý Lebedew hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

24.03.2023 | 14:46 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow we Sergeý Lebedew hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselleri ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda GDA-nyň baş sekretary Türkmenistanyň parlamentine boljak saýlawlara taýýarlygyň ýokary derejesini belledi, ses bermekligiň açyk we konstruktiw ýagdaýda geçýändigini aýtdy.

Öz gezeginde, Halk Maslahatynyň Başlygy GDA bilen hyzmatdaşlygy ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri diýip atlandyrdy. Türkmenistan halkara arenasynda Arkalaşygyň ýagdaýyny pugtalandyrmaga öz goşandyny goşýar.

Maslahatlaşmalaryň başga bir temasy hyzmatdaşlygy mundan beýläk pugtalandyrmak meselesi boldy. Bu jähtde täzelenen türkmen parlamentiniň gurama bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.

Şeýle hem taraplar energetika, ulag, medeniýet we öňdebaryjy tehnologiýalar babatynda hyzmatdaşlygyň ýerine ýetirilmegini ünsden düşürmediler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Döwlet teleradiosy

Şeýle hem okaň: