Iň täze habarlar

GDA-nyň synçylarynyň missiýasynyň agzalary Aşgabadyň saýlaw uçastoklaryna baryp gördüler

24.03.2023 | 14:44 |
 GDA-nyň synçylarynyň missiýasynyň agzalary Aşgabadyň saýlaw uçastoklaryna baryp gördüler

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýedinji çagyrylyşynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşini we geçirilişini monitoring etmegiň çäklerinde GDA-dan synçlaryň missiýasynyň baştutany, GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew we wekiliýetiň agzalary Aşgabadyň saýlaw uçastoklaryna baryp gördüler – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.

29-njy orta mekdepdäki 84-nji saýlaw uçastogynda synçylar uçastok saýlaw komissiýasynyň agzalary bilen gürrüňdeş boldular. Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetdäki 42-nji saýlaw uçastogynda we Aşgabadyň Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebindäki 31-nji saýlaw uçastogynda missiýanyň agzalary ýurtda parlament saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň barşy bilen, uçastoklaryň ses berilmegine taýýarlygy bilen tanyşdylar.

Öz gezeginde Sergeý Lebedew saýlaw kampaniýasynyň tapgyrlary barada anyk maglumatlary ýygnamakdan ybarat bolan missiýanyň wezipeleri barada we ol maglumatlaryň esasynda saýlawlary geçirmegiň milli kanunçylygyň talaplaryna laýykdygy barada obýektiw netijäniň taýýarlanmagy hakynda gürrüň berdi.

ORIENT habarlar

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: