BelTA: Belarus «Demirgazyk-Günorta» HUG-niň ösdürilmegine gatnaşar
14.03.2023 | 18:38 |Belarus Eýran we Russiýa bilen bilelikde «Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gatnaşar – diýip, Belarusyň Ulag we kommunikasiýa ministri Alekseý Awramenko salgylanyp, BelTA habar berýär.
Ylalaşyk Belarusyň we Eýranyň prezidentleriniň Tährandaky duşuşygynyň netijeleriniň esasynda gazanyldy.
«Bu örän möhüm geçelge we biz ony bilelikde ösdürmäge ylalaşdyk. Haçanda biz Eýrandaky daşamalar barada aýdanymyzda, biz Eýranyň üsti bilen uzak ýurtlara ýük geçirmek barada hem aýdýarys» - diýip, ministr aýtdy hem-de eýran tarapynyň «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň Bender-Abbas portuna tarap gurluşygyny tamamlamak üçin 180 kilometrlik demir ýoluň gurluşygyna başlandygyny nygtady.
«Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi Eýrandan, Hindistandan we Pars aýlagynyň beýleki ýurtlaryndan Russiýanyň çägine (Hazaryň üsti bilen) üstaşyr ýükleri çekmek üçin döredilipdi. Eýran, Hindistan we Russiýa tarapyndan 2000-nji ýylyň sentýabrynda Sankt-Peterburgda gol çekilen «Demirgazyk-Günorta» HUG-si baradaky hökümetara ylalaşyk taslamanyň hukuk esasy boldy.
ORIENT habarlar