Iň täze habarlar

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy

13.03.2023 | 16:03 |
 Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň 2023 (U18) ikinji tapgyrynda 4:3 hasabynda Tailandyň toparyny ýeňdi.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde çykyş edýän Serdar Durdyýew we Röwşen Aşyrow bu oýunda iki şaýbany öz hasabyna ýazdyrdylar.

Ýaryşyň beýleki duşuşyklarynda ýaryşyň eýesi – Mongoliýa BAE-niň toparyny 10:2 hasabynda ýeňdi, Özbegistan bolsa Eýrana mümkinçilik bermedi we ony 14:1 hasabynda ýeňdi.

Iki tapgyryň netijeleri boýunça Guwançmyrat Jepbarowyň türgenleri üç oçko bilen ýaryşyň tablisasynyň dördünji ornunda ýerleşdiler. Birinji setirde çempionatyň başlangyç oýnunda Türkmenistanyň ýygyndysyny ýeňip (6 oçko), Özbegistan ýerleşýär. Ikinji ýeri oçkosynyň şol mukdary bilen Mongoliýanyň ýygyndysy eýeleýär. Liderleriň üçlügini BAE-ri jemleýär, onuň 3 oçkosy bar.

Indiki duşuşygy türkmen hokkeýçileri 14-nji martda BAE-niň ýygyndysyna garşy geçirerler.

Yklymyň iň gowy topary diýen at üçin Türkmenistanyň, Mongoliýanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, BAE-niň we Tailandyň ýygyndylary göreşýärler. Ýaryş 19-njy martda tamamlanýar.

ORIENT habarlar

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: