Iň täze habarlar

Ogulgerek Berdimuhamedowa Emine Ärdogana gynanç bildirdi

11.02.2023 | 01:45 |
 Ogulgerek Berdimuhamedowa Emine Ärdogana gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy – Ogulgerek Berdimuhamedowa 10-njy fewralda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkiýe Republikasynyň prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogana tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlygny beýan etdi.

Ol öz maşgalasynyň, ýurduň prezidentiniň, eneleriň hem-de ähli türkmen halkynyň adyndan Emine Ärdogana tüýs ýürekden gynanç sözlerini ýetirdi hem-de Beýik Alladan şehit bolanlaryň ruhunyň şat bolmagyny dileg edip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Ogulgerek Berdimuhamedowa ýanýoldaşynyň, öz oglunyň we ähli türkmen halkynyň adyndan doganlyk türk halky üçin ynsanperwer kömegiň, şol sanda çagalara niýetlenen gyşky egin-eşikleriň iberilendigini belledi hem-de şu agyr pursatda Türkmenistanyň islendik goldawy bermäge mundan beýläk-de taýýardygny nygtady.

Emine Ärdogan Türkiýäniň halkynyň adyndan we hut öz adyndan gynanç we goldaw berýän sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özleri üçin çylşyrymly döwürde kömek goluny uzadyp duýgudaşlyk bildirmegiň türk halkynyň ruhuny galdyrmakda möhümdigini nygtady.

ORIENT news

Foto: ajanshaber.com.

Şeýle hem okaň: