TOPH gaz geçirijisi: Pakistan öňe gitmäge taýýar
09.02.2023 | 23:12 |Pakistan Hindistan bilen ýa-da onsuz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge başlamaga taýýardygyny görkezdi. Çünki Owganystan bu taslama üçin ýörite güýçleri jemlemäge taýýar. Bu barada nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri Musadik Malik ýakynda Saud Arabystanyna amala aşyran saparynyň barşynda aýtdy diýip, Pakistandaky Business Recorder diýen gündelik maliýe gazeti ýazýar.
Neşiriň çeşmeleri ministriň Saud tarapyna TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça häzirki ýagdaýlar barada habar berendigini beýan etdiler. Malik Türkmenistanyň taslamany öňe ilerletmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de Pakistanyň taslamany mümkin boldugyça tiz durmuşa geçirmek hem-de ony Hindistanyň gatnaşmagynda ýa-da onsuz tamamlamagy isleýändigini aýtdy. Habar berilişi ýaly, Malik eger-de Hindistan taslamadan çykmak kararyna gelen ýagdaýynda Pakistanyň onuň gaz paýyny satyn almaga taýýardygyny beýan etdi.
Owganystan baradaky mesele boýunça nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri ýurtdaky howpsuzlygyň we syýasy ýagdaýlaryň çylşyrymly bökdençlikleri döretmeginde galýandygyny boýun aldy. Emma, eger-de oňaýly ýagdaýlar döredilse, howpsuzlyk meselesini çözüp bolar. Onuň sözlerine görä, turba geçirijiden üstaşyr girdejiler Owganystanyň döwlet býujetiniň 80%-den 85%-e çenli möçberini emele getirýär. Bu bolsa onuň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hökmany ýagdaýyny talap edýär.
Ministr Saud tarapyna Owganystanyň wagtlaýyn ýolbaşçylarynyň turba geçirijileriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýörite howpsuzlyk güýçlerini döretmäge özleriniň taýýardygyny resmi däl ýagdaýda aýdandyklary barada hem habar berendigini aýtdy. Ol eger taslama Saud maýasy ýa-da maliýeleşdirmegiň haýsydyr bir köptaraply guraly çekilse, onda onuň durmuşa geçirilmeginiň energetika gurluşyny hem-de sebitde howpsuzlygyň ýagdaýlaryny üýtgetjekdigini beýan etdi.
Çeşmeler Saud tarapynyň TOPH babatda wakalaryň barşyny ünsli synlajakdygyny aýtdy. Şeýle hem olar howpsuzlyk bilen bagly hemme meseleler çözülse we ykdysady ugurlaryň üstünde goşmaça işlenilse, PIF (Public Investment Fund – Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy) SDF we Exim Bank ýaly maýa goýum guramalarynyň goşulyp biljekdigini çakladylar.
Saud Arabystanynyň maliýe, energetika, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar we senagat ministrleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Pakistanyň nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri täze taslamany hem teklip etdi. Şoňa laýyklykda Türkmenistandan tebigy gaz Çamandan gelýän gaz geçiriji boýunça Gwadara ýetirilip bilner hem-de eksport etmek üçin ony STG-a öwrüp bolar.
Ol eger Saud Arabystany bu taslama goşulyşsa, munuň täze mümkinçilikleri açyp biljekdigi barada pikirini aýtdy. Pakistan, Türkmenistan we Saud Arabystany bolsa STG-ni bileliikde eksport edijiler bolup bilerler.
TOPH baradaky mesele ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň Federal energetika ministri Hurram Dastgir Han bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi.
Federal ministri Pakistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde TOPH we TOP iri taslamalarynyň ähmiýetini nygtap, pakistanyň hökümetiniň bilelikdäki bu taslamalary doly goldaýandygyny hem-de tiz durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Çarşenbe güni, 8-nji fewralda bolsa bu baradaky mesele Möwlamowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy Raj Perwez Aşraf bilen bolan duşuşygynda ýene-de gozgaldy. Türkmen DIM-niň metbugat gullugynyň habar berişi ýaly, Aşrafa hem TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berildi. Milli Assambleýanyň ýolbaşçysy Respublikanyň ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan taslamalaryň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarlydygyny beýan etdi.
Ol geçen ýylyň sentýabrynda döwlet nebit ministri Malikiň baştutanlygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bolan saparynyň barşynda geçiren duşuşyklarynyň netijeli bolandygyny belledi hem-de bu taslamalary tiz amala aşyrmak üçin tehniki duşuşyklary dowam etmäge çagyrdy.
Şunda Aşraf ikitaraplaýyn söwdany we maýa goýumlary giňeltmegiň zerurdygyny nygtady hem-de Türkmenistana Pakistanyň Gwadar, Bin Kasim we Karaçi deňiz portlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy teklip etdi.
Victoria SHCHUPAK