Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatdaky mümkinçiliklerini pugtalandyrýar

28.01.2023|12:36|
1021
turkmenistan-metanyn-zynyndylaryny-azaltmak-babatdaky-mumkinciliklerini-pugtalandyryar
Surat çeşmesi: instagram.com / @un_turkmenistan

BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (ÝUNEP) Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleri üçin metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerine bagyşlanan okuw-seminaryny geçirdiler – diýip, wekilhananyň resmi saýty habar berýär.

Halkara bilermenler ýaýrawy boýunça ikinji ýerde durýan parnik gazy bolan metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatynda öňdebaryjy tejribäni hödürlediler.

Şeýlelikde, ÝUNEP-iň maslahatçysy Megan Demeter gatnaşyjylary metanyň zyňyndylary barada habar berýän we oňa seslenýän ulgam bilen tanyşdyrdy, ol metanyň hemra arkaly ýüze çykarylmagyny habar bermegiň aýdyň prosesleri bilen baglanyşdyrýar.

ÝUNEP-de Türkmenistanyň hökümeti bilen Metanyň zyňyndylarynyň halkara obserwatoriýasynyň üsti bilen metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklary bildirildi.

ORIENT habarlar

Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatdaky mümkinçiliklerini pugtalandyrýar