Iň täze habarlar

Türkmen milli tagamlaryny nähili usulda az kuwwatlykly etmeli?

27.01.2023 | 17:43 |
 Türkmen milli tagamlaryny nähili usulda az kuwwatlykly etmeli?

Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin milli tagamlar — baý medeni mirasyň bir bölegidir. Türkmen öý bikeleriniň köpüsi öýdäkileri ajaýyp aşhana eserleri bilen hezil berýärler, olaryň taýýarlanyş usuly biziň eýýamymyza üýtgewsiz gelip ýetipdir.

Türkmen aşhanasy ýokary kuwwatlylygy bilen tapawutlanýar, ol çürt-kesik kontinental howa şertleri we bedende ýaglaryň we dürli fermentleriň deňagramlygyny saklamak zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Dogramany alyp göreliň — çöregi, ýagly eti we sogany ulanyp taýýarlanylýan adaty türkmen nahary — gadymy obadaky islendik adaty ýaşaýjynyň öýünde bar bolan zatlardan taýýarlanylýar.

Türkmen ilatynyň köpüsiniň syrdamlygy bilen tapawutlanýandygyny belläp geçmelidiris — ýagly iýmit türkmenleriň beden görnüşine şöhlelenmeýär. Ylmy-barlagçylaryň sözlerine salgylansak, ähli iş genetikadadyr: Orta Aziýanyň halklary aňzak howa şertlerine we ýagly iýmite uýgunlaşan we ony ýeterlikderejede gowy siňdirýärler.

Ýöne XXI asyrda, haçanda adaty türkmen raýatlary zähmet arkaly ýeňiş gazanmak islände, aýratynda akyl zähmetiniň kömegi bilen, milli tagamlara bolan söýgibolsa entägem barka, iýmiti nähili usul bilen deňagramly etmeli diýen sorag ýüze çykýar. Adaty türkmen maşgalasynda penşenbe we dynç günleri palaw edilýär, hepde içinde hamyrdan dürli önümler: gutap, etli işlekli, manty, börek, gatlakly çörek we ş.m. bişirilýär.

Diňe çorbalaryň az mukdary gündelik tagamlaryň sanawyna aralaşdyrylýar. Ol çorbalar hem ýaglylygy bilen tapawutlanýarlar, sebäbi asyrlar boýy etiýipdirler, wegetariançylygy halamandyrlar, sebäbi ol şol döwürdäki ilaty gerekli ýaglar, uglewodlar we beloklar bilen üpjün edip bilmändir. Bu ýerde bize diýetologiýa, ýagny dogry iýmitlenmek baradaky ylym kömege gelýär.

Türkmen tagamlaryndan doly ýüz döndermäge çagyrýanlar – çuňňur ýalňyşýarlar. Milli aşhana dürli ýokumlara we fermentlere baýdyr. Türkmen tagamyny nähili usulda az kaloriýaly etmek baradaky kiçijik peýdaly maslahatlaryň kömegi bilen bolsa hakyky türkmen jigitiniň saglygyna eýe bolnup bilner.

Palawyň kaloriýalylygyny kemeldýäris

Palaw — Aziýanyň köp halklarynyň däp bolup gelýän naharydyr, ýöne dünýäniň her bir künjeginde ony dürli-dürli taýýarlaýarlar. Meselem, Türkmenistanda köplenç “ak palaw” bişirýärler, ol “goňur tüwiden” kuwwatlylygynyň azlygy bilen tapawutlanýar. Däp bolşy ýaly, şunda goýun etini ulanýarlar, ýöne häzirki döwürde goýun etiniň ýaglydygyny göz öňüne tutup, ony sygyr etini ýa-da towuk etini ulanyp bişirmek maslahat berilýär. Eti gezekleşdirmek has gowusydyr, palawy bu önümiň diňe bir görnüşi bilen taýýarlamak bolmaýar, sebäbi goýun eti ýagly bolsa-da, ýokumlara baýdyr we ýeňil özleşýär, sebäbi guzular esasan ot bilen iýmitlenýärler, siňmesi kyn bolan dänelileri iýenoklar. Sol sebäpli, eger siz şu gün sygyr etinden palaw bişirmek isleseňiz, indiki hepde towukly palaw bişirip bilersiňiz, ýöne goýun etinden hem bütinleý ýüz öwürmäň.

Edil şu ýaga hem degişlidir. Ulanýan ýagyňy hem gezekleşdirmek peýdalydyr. Nusgawy günebakar ýagy, pagta çigidiniň ýagy we elbetde her dürli birleşmelere baý bolan künji ýagy ulanylyp bilner. Dogry, bu ýagyň bahasam arzan däl, şol sebäpli hem ony býujet üçin däl-de, saglyk üçin tygşytlamaly, sebäbi palawa tagamy ýag däl-de, et bermeli.

Dogramany az kuwwatlykly edeliň

Dograma öňden gelýän türkmen tagamy, ol doklugy bilen şöhratlanýar. Ony az kuwwatlykly etmek üçin diňe ingrediýentleri, ýagny onuň düzüm bölekleriniüýtgetmek ýeterlik däldir. Iň gowy usuly — ýagly et böleklerini ulanmaly däl we gök önümleri köpräk goşmaly.

Türkmenistanyň käbir etraplarynda dograma gök önümler we kakadylan miweler goşulýar, olar diňe bir nahara ýakymly tagam bermän, eýsem ony siňdirmek üçinem peýdaly edýär. Şu hili ýeňilleşdirmek sebäpli, içege-iýmit siňdiriş trakty stres görenok. Şeýle hem dograma her dürli burçlary goşmaly däl, sebäbi olar hem kuwwatlygy artdyrýar, bu bolsa bedende ýaglaryň has köp gatlaklanmagyna getirýär.

Çekdirmedäki çendenaşa kaloriýalaryaýyrýarys

Nusgawy çekdirme — kaloriýaly bombadyr. Bu tagamy köplenç däp bolup gelýän baýramlarda, dessurlarda, belli günlerde köp mukdarda et, duz we ýag goşup taýýarlaýarlar. Käbir halatlarda et öz ýagynda bişirilýär. Bu tagamy biziň isleýşimiz ýaly oňaýly etmek gaty kyn. Ýöne ony edip bolýar — onuň syry döwrebap çekdirmäniň taýýarlanyş usulynda gizlenýär.

Bu tagamyň häzirki zaman wersiýasy nusgawy çekdirmäniň beta-wersiýasydyr. Oňa täze goşundylary goşmak zerurlygy onuň çendenaşa kuwwatlygyny azaltmak üçin zerurdyr. Şeýlelikde, çekdirmedepomidor, sogan, ýeralma peýda boldy, olar bu tagamy başga bir meşhur türkmen tagamyna- “batyrma” meňzeş edýär.
Nusgawy çekdirme haldan düşen beden üçin peýdalydyr: ol iýmitlendiriji ýaglar we holesterin bilen baýlaşdyrýar, D ýokumyny döredýän, insulin emele getirýän we ol myşsany saklamaga ýardam edýär. Bu tagamy ýygy-ýygydan iýmek maslahat berilmeýär, eger-de özüňizi läliksiretmek isleseňiz, onda ýagy gök önümler bilen çalyşýan häzirki zaman taýýarlanyş usullaryna serediň.

Gutapdan artykmaç kaloriýalary aýyrýarys

Bütin ýurda belli bolan ýarym aý şekilli somsalar — gutaplar — iň ýörgünli hamyr tagamlarynyň birdir. Türkmenistanda şuňa meňzeş önümleriň, ýagny fitçiniň, somsanyň satuw nokatlary örän köp. Her bir ýaşaýyş toplumynda çörek bişirýän sehler bar, öýdebolsa şunuň ýaly hamyr önümleri her hepdede edilýär.

Hamyr önümlerini sarp etmek we berhiz — ikisi sazlaşmaýar, eger-de bedeniňiz hamyrdan bişirilen zat islese, ýöne agramyňyzyň artmagy üçin howply bolmasa, onda ýagda gowrulan we duzlanan görnüşlerinden ýüz döndermeli. Olary gury saçda haýaljakdan bişirip, gapdalyna gök önüm goşmaly. Etli gutabyň gapdalyna ýeralma ýa-da gökli kädi gowy bolýar.

Netije

Netije çykarýarys: has köp gök önüm, azrak ýag we hoşboý ys berijileri ulanmaly. Elbetde, biz ýag goşmazdan, gowurmazdan, hoşboý ys beriji goşmazdan we diňe bugda we gök önümlerden taýýarlap, dolulygyna berhiz naharyny edinip bileris. Ýöne beýle etsek tagamlar adaty we az reňkli bolardy. Biziň maksadymyz — milli aşhanany megapolisiň häzirki zaman ýaşaýjysyna görä optimallaşdyrmakdyr— oňa hem üstünlikli ýetildi.

Arslan Mämmedow

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: