Iň täze habarlar

Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

26.01.2023 | 13:33 |
 Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselesi boýunça bilelikdäki iş topary degişli Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamagyň barşyny ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Toparyň Aşgabatda geçen nobatdaky duşuşygynda iki ýurduň bu ugurdaky ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna bu duşuşykda Hazar institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili Myrat Atajanow, Azerbaýjanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjanyň prezidentiniň araçäkler we Hazar deňzi meseleleri boýunça ýörite wekili Halaf Halafow wekilçilik etdi.

ORIENT habarlar

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: