Iň täze habarlar

Diplomatlar nädip «söweşýär»: Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport ýaryşy

13.12.2022 | 07:05 |
 Diplomatlar nädip «söweşýär»: Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport ýaryşy

Anna güni daşary ýurtlaryň we Halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditlenen Diplomatik wekilhanalarynyň arasynda däbe öwrülen baýramçylyk sport çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri hem çetde durmadylar, iň esasysy bolsa, onuň garamagyndaky institutyň mugallymlardan we talyplardan düzülen türgenler topary şu günki ýaryşlaryň esasy gahrymanlaryndan birine öwrüldi.

Hemmesi barada yzygider tertipde.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli diplomatik wekilhanalaryň gatnaşmagynda ýaryşlar Aşgabatda – Olimpiýa şäherçesiniň sport meýdançalarynda we zallarynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça indi birnäçe ýyl bäri geçirilýär. Olardan tennis, küşt, woleýbol we futzal hemmelerde uly gyzyklanma döredýär.

я 2 Футбол.jpg

Elbetde, bu ýaryşlarda dünýäniň parlak sport ýyldyzlary çykyş edenok we kä halatlarda ýaryşlara gatnaşyjylaryň käbiriniň abşanaklap, togarlanyp barýan pökginiň yzyndan ýetmäge çalyşýan ýa-da, aýaklanmadyk köşek kimin, patdyk-putdyk edip, öz aýaklaryna çolaşyp, ýykylýan pursatlary janköýerleriň biygtyýar ýylgyrmagyna getirýär.

Oýunçylaryň woleýbol pökgüsini haýsy eli bilen gaýtarjagyny bilmän aljyrap, bu işe garaşylmadyk pursatda aýagyny goşup goýbermegi has-da gülkünç görünýär.

Näme diýseňem, ýaryşlara gatnaşyjylaryň hemmesi diňe ýeňmegiň ýoluna çykan batyr söweşiji kimin, soňuna çenli özlerini dogumly alyp bardylar.

Netijede?

Resmi däl toparlaýyn hasap boýunça birinji ýeri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň iň ýakyn işgärler ätiýaçlygy - Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary we mugallymlary aldy. Olar üç medala mynasyp boldular, bir altyn –küşt boýunça, iki sany kümüş medal - futbol we ýene küşt boýunça.

Toparlaýyn hasap boýunça ikinji ýeri futbol boýunça altyn we woleýbol boýunça kümüş medallary gazanan ABŞ-nyň ilçihanasy eýeledi.

Toparlaýyn hasap boýunça hormat münberinde üçünji orny küşt boýunça ikinji we woleýbol boýunça üçünji orunda durýan hindi topary eýeledi.

Eýran, Päkistan, Birleşen Milletler Guramasy, Rumyniýa we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi - hersine sportuň dürli görnüşleri boýunça dürli derejeli bir medala eýe bolmak başartdy.

я 3 Волейбол.jpg

ABŞ we Eýranyň ilçihanalarynyň toparlarynyň arasynda woleýbolda birinji orny eýelemek ugrunda geçirilen jemleýji oýun iň tolgundyryjy tomaşalaryň birine öwrüldi. Woleýbol torunyň her tarapynda iň güýçli we şonuň üçin sport meýdançasynda bir-birine ýan bermejek garşydaşlar hatara düzülende, hemmeleri dartgynlylyk gurşap alypdy.

Emma birinji tapgyr biraz tapawut bilen eýran toparynyň tarapynda boldy. Gysga arakesmede olaryň amerikaly kärdeşleri mundan beýläkki emellerini işjeň ara alyp maslahatlaşdylar we netijede hasaby deňlediler.

Ikinji arakesme eýranlylar üçin has netijeli boldy, olar howsala düşmän, oýun borçlaryny özara paýlaşyp, üçünji tapgyry ýeňiş bilen tamamladylar.

я 4 Болельщики.jpg

Dördünji döw kimiň has sabyrly we çydamlydygyny kesgitlemelidi: amerikalylar ýeňiş gazansa, umumy hasap deňleşip, goşmaça bäşinji döwi oýnamaly bolar. Şonuň bilen birlikde, psihologiki artykmaçlyk ABŞ-nyň has ýaş we fiziki taýdan juda güýçli toparynyň tarapynda bolar.

Janköýerler tarapyndan işjeň goldanýan sebitdeş goňşularymyz mümkinçilikleriniň çygryndan çykýanam bolsa, iň soňkudan tijenmeli boljakdyklaryna, ýogsa ýeňiş sazynyň özleri üçin ýaňlanmajakdygyna aňryýany bilen göz ýetirýärdiler.

Olar şeýle-de etdiler, ähli güýç-kuwwadyny jemläp, öz janköýerleriniň şowhunly el çarpyşmalary ýaňlanar ýaly, oýny 7 utuk tapawut bilen tamamlamagy başardylar.

Sportuň oýun meýdançalary, hakykatdanam, “barlyşyksyz göreşden” doludy. “Tutluşyklaryň” jedelli seljermesi küşt ýaryşynda-da dowam etdi.

я 5 ШАХМАТЫ.jpg

Ol ýerde hemme zat diplomatlara mahsus durnuklylyk, ruhubelentlik, parasatlylyk ýagdaýynda bolup geçdi. Şeýle-de bolsa, küşt ýaryşlaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň geljekki diplomatlary “dolandyrdy”.

Birinji ýer ugrundaky göreş öz manysyny ýitirdi, sebäbi birinji döwden tä iň soňka çenli utulman öňe barýan bu ÝOM-niň talyby Annagözel Mekanowanyň ümzügi – hormat münberiniň iň ýokarky basgançagydygyna hemmeleriň gözi ýetip durdy. Annagözel – FIDE ussady we uzak bolmadyk geçmişde – mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýä çempiony.

Beýlekileriň paýyna 64 öýjükli tagtada ikinji ýeriň kime degişli boljagyny kesgitlemek düşdi. Ýöne bu ýerde-de ýaş diplomatlar öňdeligi elden bermediler. Annagözeliň topardaşy Azim Ýangibaýew esasy bäsdeşlerinden ynamly öňe geçip, münberiň ikinji basgançagynda mynasyp orun eýeledi.

я 6. Мерген Индус.jpg

Üçünji ýeri Hindistanyň ilçihanasynyň ikinji sekretary Mallapragada Sunil Raj Kumar eýeledi, ol küşt stolundaky dartgynly “söweşlerden” soň, ýaryşy guraýjylara hoşniýetli sözlerini aýtdy.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, FIDE ussady Mergen Kakabaýew ony we beýleki ýaryşa gatnaşyjylary her şenbe güni Aşgabadyň küşt we şaşka merkezinde geçirilýän açyk ýaryşlara gatnaşmaga çagyrdy.

Mergen Kakabaýewiň küşt döwlerinden soň käbir oýunlara seljerme geçirmegi eýýäm däbe öwrüldi. Şu günki teswir Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nyň talyby Annagözel Mekanowa bilen ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekili Gleb Andreýewiň arasyndaky oýunda duş gelýän öwrediji pursatlara bagyşlanýar.

Halkara bitaraplyk güni mynasybetli guralan sport baýramçylygy şeýleräk geçdi. Ýöne ýakyn wagtda başga çärelerem bolar. Kän garaşmaly bolmarys.

Şu gün barada ýatlama hökmünde ýeňijilerde (we diňe olarda däl) ýadygärlik surat galar:

я 7.jpg

Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Surata düşüren ORIENT, wideoýazgy – Süleýman ÇARYÝEW.

Şeýle hem okaň: