Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif ýurduň ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarlydygyny aýtdy.
Bu barada TDH tarapyndan şu gün neşir edilen Pakistanyň hökümet baştutanynyň garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda aýdylýar.
Şeýle hem, Şahbaz Şarif Pakistanyň Türkmenistan bilen özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini mälim etdi we bilelikdäki tagallalar arkaly ýurtlaryň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hasam çuňlaşdyryp biljekdigine ynam bildirdi.
ORIENT news
Foto: outlookindia.com
