Elon Musk “Tesla”-dan gumanoid robotyny hödürledi

Elon Musk “Tesla”-dan gumanoid robotyny hödürledi

“Tesla” tehnologiýa kompaniýasynyň eýesi milliarder Elon Musk gumaniod robot “Optimus”-yň täze prototipini hödürledi diýip, BBC habar berýär.

Köpçülikleýin bazar üçin niýetlenen täze robotlar ilki bilen Teslanyň awtoulag zawodlarynda synagdan geçiriler we bu ýerde dürli wezipeleri ýerine ýetirerler diýip kompaniýanyň inženerleri aýdýar.

Илон Маск представил прототип робота-гуманоида от компании Tesla

Prototip, Teslanyň her ýylda geçirilýän «Emeli intellekt» güni çäresinde sahnada görkezildi. Halk köpçüligine «Optimus» robotynyň ösümlikleri suwarmak, sandyk götermek we demir barlary götermek ýaly ýönekeý işleri ýerine ýetirýän wideosy görkezildi.

Илон Маск представил прототип робота-гуманоида от компании Tesla

“Tesla"-nyň baş direktory Elon Musk, robotlaryň 20 000 Amerikan dollaryndan aşakda öndüriljekdigini we üç ýyldan bäş ýyla çenli wagtdan satyn alyp boljakdygyny aýtdy.

ORIENT news