Türkmenistanda dürli görnüşli plastik kartoçkalaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär
01.10.2022 | 19:06 |Türkmenistanda dürli görnüşli plastik kartoçkalaryň öümçiligi ýola goýlup biliner. Bu ýokary tehnologiýaly maglumat göterijileriň ulanyş gerimi örän giň we ösmegini dowam etdirýär, isleg bolsa – teklip döreýär, hut şu teklibi wise-premýeriň orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni geçirilen hökümet ýygnagynda beýan etdi.
Türkmen telewideniýesiniň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berlişi ýaly, Pürçekow elektron pudagynyň ösüşi barada aýdanda, ýurtda svetoforlaryň, LED ýol belgileriniň we beýleki elektroniki önümleriň önümçiligini ýola goýmak baradaky meýilnamasyny hödürledi.
Pürçekowyň çykyşynyň başga bir mowzugy Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurulmagy meýilleşdirilen ýurdumyzda ilkinji gün-ýel elektrik stansiýasynyň taslamasy barada boldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilişine halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça Energetika ministrligi tarapyndan saýlanan maslahat beriş kompaniýasy çekiler.
ORIENT news
Foto: plascards.com