Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça meýilnamalar belli boldy

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça meýilnamalar belli boldy

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça meýilnamalary işläp düzmek Sankt-Peterburgyň we Çelýabinsk oblastynyň hökümet agzalaryndan düzülen Russiýanyň wekilçilikli toparynyň Türkmenistana iş saparynyň netijeleri boldy.

– Şeýlelikde, elektrik enjamlarynyň taslama işleri we önümçiligi boýunça dünýä liderleriniň biri bolan Sankt-Peterburgyň “Silowyýe maşiny” kompaniýasy Türkmenistanda elektrik desgalaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär, – diýip, TASS Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça eden çykyşyna salgylanyp, habar berýär.

Öz gezeginde Çelýabinskiniň Günorta Ural armatur-izolýator zawody Türkmenistanda öz önümçiligini ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Zawod Russiýada öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanýar. Çelýabinskili wekiliýetiň bellemegine görä, polimer, farfor we aýna izolýatorlarynyň, şeýle hem, olary seplemekde ulanylýan ýörite şaýlaryň önümçiligini giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günorta Uralyň Çelyabinsk şäherinden başga bir kompaniýa – “Neft-Service” Türkmenistanda bilelikdäki önümçiligi ýola goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa nebit-gaz pudaklary üçin nebit-gaz enjamlarynyň, buraw guýularynyň we elektronikanyň önümçiligini amala aşyrýar.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy – Russiýa diňe bir ýangyç-energetika pudagynda däl, eýsem senagatyň gaýtadan işleýän pudaklarynda-da Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny ösdürýär.

ORIENT news
Foto: tass.ru