Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlady we oňa berk jan-saglyk, bagt we üstünlik arzuw etdi.

Şeýle hem, iki ýurduň liderleri türkmen-rus gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek we strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara niýetlerini tassykladylar.

Türkmen kärdeşine jaň etmezden ozal, Russiýa Federasiýasynyň baştutany Serdar Berdimuhamedowa aşakdaky mazmunly gutlag telegrammasyny iberdi:

“Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç,

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlagymy kabul ediň.

Ýakynda Moskwada we Aşgabatda geçen duşuşyklarymyzy, konstruktiw we mazmunly gepleşiklerimizi mähir bilen ýatlaýaryn. Iýun aýynda gol çekilen Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama, şübhesiz, dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan ösmegi üçin şert döredýär.

Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek üçin, dostlukly halklarymyzyň bähbidi üçin siziň bilen gepleşikleri dowam etdirmäge we bilelikde ýakyndan işleşmäge şat bolaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, size ak ýürekden berk jan saglyk, bagt we üstünlik arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin."

ORIENT news
Foto: rg.ru