Iň täze habarlar

Gatnaw ýola goýuldy: Aşgabatda 150 sany täze taksiler herket edip başlady

22.09.2022 | 17:05 |
 Gatnaw ýola goýuldy: Aşgabatda 150 sany täze taksiler herket edip başlady

Aşgabatda Toyota kysymly täze taksileriň 150-si hereket edip başlady. Ýaponiýanyň öndürijisinden nobatdaky tapgyrda Türkmenistana gelip gowşan ýaşyl “şaşkajykly” ak awtoulaglar şäher ýollaryna çykyp, aýratyn-da adamlaryň ýola has köp çykýan wagtynda hem-de gür ilatly ýerlerde ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmat ediş ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltdiler.

Taksiler GPS-enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa hemra arkaly gözegçilik etmegiň kömegi bilen taksi edarasynyň operatoryna olaryň hereketlerini synlamaga mümkinçilik berýär. Müşderiler üçin onlaýn-hyzmatlar bilen birlikde, jemgyýetçilik ulaglarynyň menejmentine hem-de dolandyrylmagyna döwrebap usulda çemeleşme bu ulgamy ekologiýa taýdan arassaçylygyň üpjün edilmeginde bolşy ýaly, ony kämilleşdirmegiň maksatnamasyna-da girýär.

В Ашхабаде запустили 150 новых такси

Şeýle hem taksi hyzmatynda gatnawlar üçin bank karty arkaly nagt däl töleg hyzmaty işjeň ornaşdyrylýar. Bu barada türkmen telewideniýesiniň agşamky goýberilişiniň täzeliklerinde görkezilen wideoşekillerde gürrüň berildi.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: