Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa bilen syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi

16.09.2022 | 01:40 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa bilen syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde Russiýanyň baştutany Wladimir Putin bilen duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini beledi diýip, Kremliň saýtynda habar berilýär.

Muny ýokary derejedäki özara saparlar hem tassyklaýar – 10-njy iýunda türkmen Lideri resmi sapar bilen Moskwada boldy, 29-njy iýunda bolsa RF-niň baştutany Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyny belledi, şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň ilkinji Parlamentara forumy uly itergi berdi.

ORIENT news
Foto: kremlin.ru

Şeýle hem okaň: