Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we HHR-nyň ýolbaşçylary gaz we çig mala esaslanmaýan pudaklarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

16.09.2022 | 01:02 |
 Türkmenistanyň we HHR-nyň ýolbaşçylary gaz we çig mala esaslanmaýan pudaklarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň 22-nji mejlisine gatnaşmak üçin Özbegistanyň Samarkant şäherine geldi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, irden Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-nyň Başlygy Si Szinpin Samarkantda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.

Hytaýyň döwlet baştutany Si Szinpin Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň durnukly ösüp, ýokary derejä ýetendigini belledi. Onuň sözlerine görä, Hytaý türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hemişe geljegi uly we uzakmöhletli hasaplaýar. Hytaý Türkmenistanyň öz milli däp-dessurlaryna laýyklykda saýlap alan ösüş ýoluna hormat goýýar we daşyndan döwletiň içerki işlerine goşulmaklyga garşy çykýar.

Si Szinpin taraplaryň tebigy gaz we çig mala esaslanmaýan pudaklarda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle taslamalar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine täze itergi berer. Duşuşykda “Bir guşak, bir ýol” we “Ýüpek ýolunyň galkynyşy ”atly bilelikdäki başlangyçlary işjeňleşdirmek we öňe sürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Taslamalaryň çalt durmuşa geçirilmegi üçin türkmen we hytaý halklaryny ýakynlaşdyrmaga gönükdiirilen medeni merkezler dörediler.

Taraplar "Hytaý+Merkezi Aziýa" duşuşygynyň çäklerinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşdylar we howpsuzlyk, halkara utgaşyklylyk, bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek boýunça global başlangyçlaryň durmuşa geçirilişini dowam etdirmek kararyna geldiler.

Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde HHR-na üstünlik we gülläp ösüş arzuw etdi we Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň geljekde uly ösüşlere ýetjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan Hytaýy milli özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goramak isleginde goldaýar, şeýle hem HHR-nyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak we BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky başlangyçlaryny makullaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylsaýyn giňelýändigini we ykdysadyýetiň has köp ugurlaryny öz içine alýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy söwda, energiýa toplumy, ulag pudagy, has takygy serhetaşa ýük gatnawlary, şeýle hem medeniýet we bilim pudagy ýaly strategik ugurlarda ösýär.

Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň barşynda “Bir guşak, bir ýol” taslamasyny we “Ýüpek ýolunyň galkynyşy” maksatnamasyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ýaly köptaraplaýyn düzümleriň we “Hytaý+Merkezi Aziýa” duşuşygynyň çäklerinde ýola goýlan ýakyn hyzmatdaşlygyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bolup durýandygyny nygtap geçdi.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: