Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awstriýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hemra Amannazarowy BMG-nyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Hemişelik wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany wezipelerine belledi.
Mundan başga-da, Amannazarow sekretariatlary Wena halkara merkezinde ýerleşýän Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama guramasynyň taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili we Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipelerine bellendi.
ORIENT news
