Iň täze habarlar

Innowasion telekeçilik we brending boýunça GoViral duşuşygy

05.05.2023 | 12:38
Innowasion telekeçilik we brending boýunça GoViral duşuşygy
Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi (1958), 70 (Halkara işewirlik merkezi), Amerikan merkezi

Eger-de siz:

— innowasion telekeçiligiň nämedigini bilmek;
— tehnologiýalar dünýäsiniň ösüşi barada bilimiňizi çuňlaşdyrmak;
— Türkmenistanda nädip startap döretmelidigine we ösdürmelidigine düşünmek;
— brendingiň nämedigini kesgitlemek;
— logo bahasynyň näçe bolmalydygyny ýa-da nädip brendi arzan döretmelidigini bilmek;
— şeýle hem çykyş edýänleriň baý tejribesi barada diňlemek isleýän bolsaňyz duşuşyga gatnaşyp bilersiňiz.

Ýokarda agzalanlardan daşary interaktiw bäsleşik we logo döretmek boýunça ussatlyk sapaklary geçiriler.

Senesi: 2023-nji ýylyň maý aýynyň 19-y (Anna)
Wagty: 16:00-18:00
Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi (1958), 70 (Halkara işewirlik merkezi), Amerikan merkezi

Giriş tölegsizdir. Salgylanma boýunça hasaba alynmalydyr.