Iň täze habarlar

Britaniýanyň ilçihanasynyň rezidensiýasynda bagbançylyk işine kömek üçin tender

27.04.2023 | 15:52
Britaniýanyň ilçihanasynyň rezidensiýasynda bagbançylyk işine kömek üçin tender

Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bagbançylyk işleriniň üpjünçiligi üçin tender yglan etdi. Bagban 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli rezidensiýada bagbançylyk hyzmatlaryny günde iki sagat, hepdede 3 gün ýerine ýetirmeli. Hyzmatlar üçin tölegiň mukdary her aýda hasaplanýar. Hyzmatlaryň gerimi şulary öz içine alýar, emma olar bilen çäklenmeýär:

· Rezidensiýanyň bagyna ideg etmek we ony arassa saklamak;
· Rezidensiýanyň we Ilçihananyň ofisinde otlary ormak we agaçlary çyrpmak we suwarmak;
· Ilçihananyň talabyna laýyklykda gülleri ekmek we dökün dökmek;
· Rezidensiýanyň howlusyny arassalamak;
· Ot orujy enjamy işjeň we abat ýagdaýda saklamak.

Iş wagtynda ulanyljak ähli materiallar ilçihana tarapyndan üpjün ediler.

Teklipleriňizi ilçihana ýa-da 2023-nji ýylyň 30-njy apreline çenli ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk elektron salgysyna iberip bilersiňiz.