Iň täze habarlar

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi alpinizm boýunça halkara bilermeni gözleýär

02.02.2023 | 18:03
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi alpinizm boýunça halkara bilermeni gözleýär

Alpinizm boýunça tälimçileriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryň çäklerinde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi alpinizm boýunça halkara bilermeni işe alar.

Halkara bilermen Merkeze Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň okuw merkezinde 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 28-nji martyna çenli dört hepdelik türgenleşik-okuwyny geçirmekde ýardam etmelidir.

Taslamanyň menejeriniň gözegçiliginde, ol tälimçileri taýýarlamagyň jikme-jik maksatnamasyny işläp düzmeli, gatnaşyjylaryň meýdan şertlerinde howpsuzlyk tehnikasy boýunça paýlanyljak materiallary işläp düzmeli. Meýdan okuwlary, aýratyn hem, daglyk ýerlerdäki taýýarlyklar okaýanlaryň howpsuzlygy babatdaky töwekgelçilikler bilen baglanyşyklydyr.

Dalaşgär gatnaşyjylaryň bilim derejesini bahalandyrmak üçin test ýumuşyny düzmelidir, daglyk ýerlerde nobatçylyk gullugyny ýerine ýetirmek boýunça okuw prezentasiýalary bilen çykyş etmelidir, şeýle hem daglyk ýerlerde degişli esbaplary ulanyp, tejribe sapagyny geçirmelidir.

Ol serhet goşunlarynyň hünär gullukçysy bolmaly ýa-da beýleki hukuk goraýjy edaralaryň işgäri bolmaly, daglyk ýerde nobatçylygy amala aşyrmak, taktiki-tehniki soraglar boýunça taýýarlyk geçirmek boýunça azyndan 6 ýyl iş tejribesi bolmalydyr.

Onuň şeýle hem alpinist tälimçileriniň hünär birleşigi tarapyndan ýa-da şuňa meňzeş başga bir halkara guramasy tarapyndan berlen şahadatnamasy bolmalydyr.

Alpinizm boýunça halkara bilermen gepleşik we ýazmaça iňlis dilini we/ýa-da rus dilini bilmelidir, türkmen ýa-da beýleki sebitleýin dilleri bilmegi artykmaçlyk hökmünde hasap ediler, dalaşgär gowy beden formasynda bolmalydyr.

Ýüz tutmalar 22-nji fewrala çenli kabul edilýär. Şu salgylanma boýunça boş iş orny baradaky jikme-jik maglumatlar bilen tanşyp we ýüz tutmany tabşyryp bolýar.

ORIENT habarlar