ÝUNISEF maslahatçyny işe kabul edýär
30.01.2023 | 12:49ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy kanun bilen meselesi bolan çagalar bilen diwersion çäreleri modelirlemek boýunça milli maslahatçyny gözleýär.
Borçlary:
-
Ýuwenal (ýetginjek) hukugy ulgamy babatynda jenaýat we raýat kanunçylygyna mundan beýläkki üýtgetmeleri öňe sürmek we işläp düzmek;
-
Kanun bilen aragatnaşykda bolan çagalar üçin amatly çäreleriň işlenip düzme;
Hünär talaplary we bahalandyrmagyň ölçegleri:
Kanun bilen meselesi bolan çagalar üçin diwersion çäreleri işläp düzmek boýunça maslahatçynyň hukuk ugrundan ýokary bilimi bolmaly we çaganyň hukuklary babatynda ýa-da çagalar üçin adalat babatynda hökümetde 5 ýyl iş tejribesi bolmaly. Ol çaganyň hukuklaryna degişli halkara gurallary we ölçegleri bilmelidir, şu ugurdan kanunlaryň we kanunçylyk namalaryň işlenip düzülmegi boýunça tejribesi bolmalydyr. Ol şeýle hem seljerme beriji başarnyklaryna eýe bolmalydyr we hasabat ýazmak ukybyna eýe bolmaly, rus we türkmen dillerini ýazmaça we gepleşikde suwara bilmelidir, iňlis dilini bilmegi artykmaçlyk hasap edilýär.
Gyzyklanýan adamlar jobs.unicef.org saýtyna girip 2023-nji ýylyň 9-njy fewralyna çenli ýüz tutup bilerler.
ÝUNISEF adalatlylyk babatyndaky hyzmatdaşlaryny diwersion çäreleriň ulanylyşy bilen tanyşdyrar we Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna 2023-nji ýylda işe giriziljek gaýtadan dikeldiş adalatlylyk çemeleşmesi bolan diwergensiýa Konsepsiýasyny işläp düzmekde goldaw berer.