Iň täze habarlar

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy grafiki dizaýneri işe alar

27.01.2023 | 17:55
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy grafiki dizaýneri işe alar

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgadyryjysynyň edarasy grafiki dizaýner boş iş orny barada habar berýär.

Wezipe-borçlary:

Grafiki dizaýner hemişelik utgadyryjynyň edarsynaçap etmäge degişli neşirleri işläp düzmekde, grafikleri, maketleri, diagrammalary döretmekde we şu aşakdaky önümleriň görnüş elementlerini döretmekde kömek etmelidir:

-BMG-niň 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça iňlis we rus dillerindäki ýurt hasabaty;
-Meýletin milli syn, orta möhletli syn bilen baglanyşykly ýaýratmak üçin hasabatlaryň, konseptual hatlaryň we materiallaryňtaýýarlanmagyna;
-2023-nji ýylyň umumy ýurt seljermesiniň iňlis we rus dillerindäki maglumatlar bukjasy, şol sanda maglumat býulletenleri we seljerişýazgylary.

Hünär talaplary we bahalandyrma ölçegleri

Grafiki dizaýneriň bakalawr derejesi, grafiki dizaýn ugrundan azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly, dizaýn boýunça Adobe Design Premium, In-Design, CorelDraw, Final Cut HD programma üpjünçiliklerinden peýdalanmagy başarmaly.

Ol iňlis dilini erkin bilmeli, rus dilini bilmegi makul görülýär, tankydy garaýşy görkezmeli we guramaçylyk başarnyklary bolmaly.

Gyzyklanýan taraplar şu salgylanma boýunça ýüz tutmalary 2023-nji ýylyň 5-nji fewralyna çenli tabşyrmaly.