26-njy ýanwarda Balkanabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişlik bolar
23.01.2023 | 16:512023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Balkanabat şäherinde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi bolar.
Oňa Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň welaýat bölüminiň jogapkär işgärleri, şeýle hem Balkan welaýatynyň adwokatlar kollegiýasynyň agzalary gatnaşarlar.
Kabul edişlik sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Adalat ministrliginiň welaýat bölüminiň şu salgyda ýerleşen jaýynda geçiriler – Balkanabat şäheri, 144-nji ýaşaýyş toplumy, jaý 13.
Habaraşmak üçin telefonlar: 6-05-14.