Habarlar

Türkmenistanyň goranmak  we bilim Ministrlikleri adatdan daşary ýadaýlara jogap gaýtarmak boýunça okuw geçirdilerTürkmenistanyň goranmak  we bilim Ministrlikleri adatdan daşary ýadaýlara jogap gaýtarmak boýunça okuw geçirdiler

Türkmenistanyň goranmak we bilim Ministrlikleri adatdan daşary ýadaýlara jogap gaýtarmak boýunça okuw geçirdiler

Türkmenistanyň goranmak Ministrliginiň raýat goranyşyň we halas ediş işleriniň baş müdirligi bilim Ministrligi bilen bilelikde lukmanlar gelýänçä berilýän kömek we kömek bermegiň beýleki görnüşleri boýunça meňzedilen okuwlary geçirdiler. Maý aýyndan iýul aýyna çenli geçirilen çärelere mekdepleriň okuwçylary, mugallymlary we ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gazagystanda gadymy türk rowaýatlarynyň esasynda on animasiýa taslamasy döredilerGazagystanda gadymy türk rowaýatlarynyň esasynda on animasiýa taslamasy dörediler

Gazagystanda gadymy türk rowaýatlarynyň esasynda on animasiýa taslamasy dörediler

Gazagystanda ähli türki dilli ýurtlarda belli bolan gadymy rowaýatlaryň esasynda 10 synag animasiýa taslamasyny döretmäge başladylar. Animasiýa almanahyna girýän her bir hroniki filmiň wagty 5 minutdan gowrak diýip, «Gazagystan Prawda» «Gazakanimasiýa» döredijilik birleşiginiň buýrugy bilen täze animasiýa filmlerini öndürmäge başlan, Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýar.

Lebap welaýatyndaky saglyk öýi, Türkmenistanda gün energiýasy bilen işleýän ilkinji saglyk edarasy boldyLebap welaýatyndaky saglyk öýi, Türkmenistanda gün energiýasy bilen işleýän ilkinji saglyk edarasy boldy

Lebap welaýatyndaky saglyk öýi, Türkmenistanda gün energiýasy bilen işleýän ilkinji saglyk edarasy boldy

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň saglyk öýünde täze synag gün energiýasy ulgamy oturdyldy. Etrap başlangyç saglygy goraýyş merkezi, ýurtda elektrik energiýasy bilen üpjün edýän gün panelleri bilen enjamlaşdyrylan ilkinji edara boldy. Bu maksatnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilen UNISEF-iň innowasion taslamasynyň çäginde durmuşa geçirildi.