Özbegistan GDA-da ilkinji bolup London birža gaznasynda “ýaşyl” obligasiýalary ýerleşdirdi


Özbegistan London biržasynyň gaznasyndaky ornuny güýçlendirýär we GDA ýurtlarynyň arasynda milli walýutada 4,25 trillion sum we ýewroobligasiýada 660 million dollarlyk özygtyýarly “ýaşyl” obligasiýalary ýerleşdiren ilkinji ýurt boldy. Özbegistanyň ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, degişlilikde 2026-2028-nji ýyllarda iki tranşyň (gymmatly kagyzlarynyň bir bölegi) öwezini dolmagy meýilleşdirilýär.
Maýadarlaryň islegi sebäpli obligasiýa girdejisi azaldy. Ýewrobondlardan gelýän serişdeler “Özbegistan-2030” strategiýasynyň maksatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaşyl ykdysadyýete geçmek we energiýa pudagyndaky özgertmeler üçin ulanylar.
Şeýle hem, “ýaşyl” obligasiýalardan alnan girdeji ekologiýa, sosial sfera, daşky gurşawy goramak we gaty galyndylary aýyrmak ýaly taslamalara maliýelleşdiriler. Mundan başga-da, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, demir ýol ulaglaryny we metrony ösdürmek, sanitariýa arassaçylgy we ilatly ýerlerde arassalygy saklamak şeýle-de ýel eroziýasyndan we suw desgalarynyň süzülmeginden goraýan tokaý plantasiýalarynyň döredilmegi boýunça maksatnamalar bar diýip, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň beren habarynda beýan edilýär.
ORIENT news








