

Halkara sergiler býurosynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherine iş saparynyň çäginde Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşdy. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.



















