HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýdaky iň uly interaktiw gümmez Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Oktýabr 08, 2023 | 11:07 |11490
Gümmez “Al Wasl” diýlip atlandyrylýar we Dubaýda konsertleri we çykyşlary geçirmek üçin meýilnamalaşdyryldy we guruldy. Arap dilinden terjime edilende bu “baglanyşyk” diýmegi aňladýar we bu ýerde düýbünden çuňňur täsir galdyrýan iň uly interaktiw yşk şüweleňi açyldy. Täsin gurluş Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we çempionlyk kitabynyň resmi emini Alwalid Osmanyň belleýşi ýaly “gurluşyň binagärlik kämilliginiň deňi-taýy ýokdur”.Gümmez “Al Wasl” diýlip atlandyrylýar we Dubaýda konsertleri we çykyşlary geçirmek üçin meýilnamalaşdyryldy we guruldy. Arap dilinden terjime edilende bu “baglanyşyk” diýmegi aňladýar we bu ýerde düýbünden çuňňur täsir galdyrýan iň uly interaktiw yşk şüweleňi açyldy. Täsin gurluş Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we çempionlyk kitabynyň resmi emini Alwalid Osmanyň belleýşi ýaly “gurluşyň binagärlik kämilliginiň deňi-taýy ýokdur”.
Çeşme: Getty Images

Gümmez “Al Wasl” diýlip atlandyrylýar we Dubaýda konsertleri we çykyşlary geçirmek üçin meýilnamalaşdyryldy we guruldy. Arap dilinden terjime edilende bu “baglanyşyk” diýmegi aňladýar we bu ýerde düýbünden çuňňur täsir galdyrýan iň uly interaktiw yşk şüweleňi açyldy. Täsin gurluş Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we çempionlyk kitabynyň resmi emini Alwalid Osmanyň belleýşi ýaly “gurluşyň binagärlik kämilliginiň deňi-taýy ýokdur”.

IMG_20231008_103627.jpg

Gümmeziň ululygy 24 müň inedördül metrden gowrakdyr. Ol ähli tarapdan hem duýgur ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Doly gurşap alýan täsiri, giňeldilen hakykat funksiýalary bolan planşetiň kömegi bilen gazanylýar. Bu ýere gelýänler özboluşly mazmuny döredip we gümmez bilen täsirleşip 360 dereje lazer proýeksiýasyny üýtgedip bilerler. Eýýäm ýanwar aýynda her kim telefondan bu proýeksiýany dolandyryp biler - diýip, taslamanyň ýerine ýetiriji döredijilik müdiri Amna Abulkhul belledi.

3 (1) (1).jpg

Sferik bina 2021-nji ýylda Bütindünýä Ekspo sergisi üçin Dubaýda guruldy. Iň uly öz-özüni goldaýan gümmez, Çikago býurosy bolan Adrian Smit + Gordon Gilliň dizaýnyna laýyklykda guruldy. Bu gurnama 800-den gowrak tehniki hünärmeniň gatnaşmagynda iň çylşyrymly sergi gurluşydyr. Günüň dowamynda gümmez halas ediji kölege berýär, agşam bolsa reňkli yşyklar bilen reňklenýär.

4 (1).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026