HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan AÖB-nyň goldawy bilen BSG-ä girmäge taýýarlanýar

Oktýabr 07, 2023 | 20:58 |8678
Türkmenistanda 2-nji oktýabrdan 6-njy oktýabr aralygynda Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) we Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) tarapyndan gurnalan söwda syýasaty meseleleri boýunça tehniki iş sessiýalary geçirildi. Sessiýalaryň maksady, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky gepleşikler üçin esasy resminama bolan Daşary söwda tertibininiň Ähtnamasyny (MFTR) taýýarlamak.Türkmenistanda 2-nji oktýabrdan 6-njy oktýabr aralygynda Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) we Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) tarapyndan gurnalan söwda syýasaty meseleleri boýunça tehniki iş sessiýalary geçirildi. Sessiýalaryň maksady, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky gepleşikler üçin esasy resminama bolan Daşary söwda tertibininiň Ähtnamasyny (MFTR) taýýarlamak.
Çeşme: carecprogram.org

Türkmenistanda 2-nji oktýabrdan 6-njy oktýabr aralygynda Aziýanyň Ösüş Banky (AÖB) we Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) tarapyndan gurnalan söwda syýasaty meseleleri boýunça tehniki iş sessiýalary geçirildi. Sessiýalaryň maksady, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky gepleşikler üçin esasy resminama bolan Daşary söwda tertibininiň Ähtnamasyny (MFTR) taýýarlamak.

Sessiýa Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we bölümleriniň 30-dan gowrak wekili gatnaşdy. Olar AÖB we BSG hünärmenleri bilen söwda syýasatynyň tehniki päsgelçilikleri, intellektual eýeçilik hukuklary we döwlet satyn almalary ýaly dürli taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maliýe ministrliginiň döwlet maliýe we ykdysady syýasatlar bölüminiň başlygy Galina Romanowa, AÖB-nyň Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy işine güýçli goldaw berýändigini belledi.

BSG-ä goşulmak boýunça bölüminiň müdiri Maýka Oşikawa hem öz gezeginde Türkmenistany ýurda gurama goşulmak boýunça iş topary bilen gepleşik geçirmäge mümkinçilik berjek MFTR-ni taýýarlamakda gazanylan üstünlikleri bilen gutlady.

11-860x490-1.jpeg

AÖB-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň müdiri Artur Andrisýakom, Bankyň ýurduň BSG-e goşulmak ugrundaky tagallalaryna goldaw berjekdigini tassyklady.

Tehniki iş sessiýalary, AÖB we BSG tarapyndan 2020-nji ýyldan bäri alnyp barylýan Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak boýunça işleriň bir bölegidir.

AÖB Türkmenistanyň esasy ösüş hyzmatdaşlaryndan biridir. Bu gurama 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen aragatnaşyk saklaýar we ýurduň eksport bazarlaryny diwersifikasiýa etmekde we sebitara gatnaşyklaryny berkitmekde kömek edýär.

Türkmenistanyň möhüm energetika çeşmeleri we strategiki ýerleşişi bar, şonuň üçin AÖB öz işini sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin niýetlenen taslamalary ulag we energetika pudaklaryna gönükdirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026