HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

104 ýaşly zenan iň garry paraşýutçy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna dalaş edýär

Oktýabr 08, 2023 | 16:12 |6568
Çikagoda ýaşaýan 104 ýaşly Doroti Hofner Demirgazyk Illinoýsda 4100 metr belentlikde paraşýutly tandem böküş etdi diýip, The Guardian ýazýar. Ol paraşýutly böken iň garry adam hökmünde şahadatnama almagy umyt edýär.Çikagoda ýaşaýan 104 ýaşly Doroti Hofner Demirgazyk Illinoýsda 4100 metr belentlikde paraşýutly tandem böküş etdi diýip, The Guardian ýazýar. Ol paraşýutly böken iň garry adam hökmünde şahadatnama almagy umyt edýär.
Çeşme: youtube.com

Çikagoda ýaşaýan 104 ýaşly Doroti Hofner Demirgazyk Illinoýsda 4100 metr belentlikde paraşýutly tandem böküş etdi diýip, The Guardian ýazýar. Ol paraşýutly böken iň garry adam hökmünde şahadatnama almagy umyt edýär.

Eger onuň böküşi rekord hökmünde ykrar edilse, ol häzirki Ginnesiň rekordlar kitabynyň eýesi - 2022-nji ýylyň maý aýynda paraşýutly böken Şwesiýaly 103 ýaşly Linnea Ingegard Larssony ýeňip biler. Hofneriň böküşini gurnan Skydive Chicago kompaniýasy, Ginnesiň rekordlar kitabynyň onuň gazananlaryny tassyklamagy üçin işleýär.

Hofner paraşýutly böküşi ýaňy başlamady. Ol ilkinji böküşi 100 ýaşyndaka etdi we şondan soň dünýä rekordyny goýmak kararyna geldi. Ilkinji böküşinden dört ýyl soň, Illinoýsda tälimçi Derek Bakster bilen taryhy paraşýutly böküşi amala aşyrdy.

Ol ýere gonandan soň, ony görmäge gelen mähellä el bulady. Şeýle hem, ol žurnalistlere interwýu berdi we ýokarda bolmakdan lezzet alýandygyny we ýaşyň diňe san bolandygyny aýtdy. Ondan başga-da ol, meýilnamasynda ýene bir böküşiň we howa şarynda uçmagyň bardygyny duýdurdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026