Iş ýerinde ýatmak üçin ýassyk taýýarlanyldy


Ýapon kompaniýasy iş ýerinde rahat ymyzganmak üçin ýassyk oýlap tapdylar. Bu ýassyk stulda ýatylan wagty öňe ýykylmaz ýaly we elleriň sallnyp durmazlygy üçin ýüz we döş üçin amatly edilip taýýarlanypdyr.
Bu ýassyk ýaponlarda “Gogo no Makura” ýa-da türkmençä geçireniňde “Günortanlyk naharyndan soňky ýassyk” diýlip atlandyrylyp, ol uklamak üçin enjamlary öndürmäge ýöriteleşen “Atex” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanypdyr. Ony işläp ýasan 43 ýaşly Nasuki Sato işgärleriň günortanlyk arakesmesi wagtynda rahat dynç almagy bilen içgin gyzyklanyp, bu enjamy taýýarlapdyr.
Jemgyýetçilik pikir soralşygyny netijesinde, stulda uklanyňda, bedeniň käbir agzalaryna şol sanda eginlere agram düşýär. Bu bolsa, öz gezeginde boýunda, oňurgalarda we ellerde agyrylary emele getirýär.
Täze ýassygyň ini 31 santimetre, boýy bolsa, 24 santimetre barabar bolup, ol kelläniň we döşüň rahat ýerleşmegini üpjün edýär. Onda ýüz üçin ýörite kesilen bölek we elleriň stolda rahat ýerleşmegi üçin ýer göz öňünde tutulypdyr diýip, ithome.com neşiri habar berýär.
“Gogo no Makura” atly ýassygy üç ýagdaýda (10 gradusdan 45 gradus ýapgytlyga çenli) öwrüp bolýar. Şeýle hem bu ýassyk ýatan adamy 60 minutdan ýörite wibrasiýalar arkaly oýarýar.
Bu ýassyklaryň satuwy 60 dollar nyrhda 15-nji oktýabrdan başlanar. Ony satyn almaga ýüzlerçe adam gyzyklanma bildirdi.
ORIENT news








