

Türkmenistan Eýrana gaz iberilişini 15 – 20 milliard kub metre ýetirip biler
Türkmenistanyň Eýrana iberýän gazynyň möçberini 2030-njy ýyla çenli 15 – 20 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçiligi bar. Häzirki wagtda bu babatdaky günlük görkeziji 10 million kub metre ýetýär. Iki ýurduň arasynda gaz babatda baglaşylan täze şertnama bu görkezijini 4 esse artdyrmaga mümkinçilik berer.




















