SOCAR “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forumynyň premýer-hyzmatdaşy


Geljek hepde 25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) XXVIII halkara konferensiýasy we sergisi geçiriler. Bu çäre, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy şeýle-de iňlis kompaniýasy bolan GaffneyCline-iň goldawy bilen “Türkmen forum” HJ bilen bilelikde gurnalýar.
Üç gün dowam etjek bu çärede milli nebit we gaz kompaniýalarynyň, öňdebaryjy halkara we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylaryny we öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň wekillerini metanyň zyňyndylaryny nola ýetirmek bilen geljege ýetmek üçin çözgütleri ara alyp maslahatlaşylar. OGT 2023-e gatnaşmak üçin şu güne çenli 46 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.
OGT 2023-iň umumy mejlisinde Yragyň elektroenergetika ministri Zeýad Ali Fadel, ADNOC - pes uglerod çözgütleri we halkara ösüşi boýunça ýerine ýetiriji direkto Musabbeh Al Kaabi, CNPC-niň prezidenti Hou Tsijun, SOCAR-yň prezidenti Rowşan Najaf, şeýle hem öňdebaryjy halkara guramalarynyň wekilleri ýaly ýokary derejeli spikerler çykyş ederler. Esasy energetika kompaniýalaryna we guramalaryna wekilçilik edýän beýleki abraýly spikerler hem gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Maslahatyň mejlisinde çykyş etjekleriň hatarynda SPE-niň (Nebitçi-inženerler jemgyýetiniň) prezidenti Medhat Kamal, Hazar sebiti boýunça Baker Hughes-iň wise-prezidenti Ýelena Akoltsewa, COP28 BAE-niň Energetika geçiş boýunça bölüminiň baş müdiri Saamir Elşihabi, Global işewürligi ösdürmegiň SLB müdiri Marwa Hassan Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň orunbasary - Şerifa Hudobakhş dagylar hem bolar.
Global energetika treýderi SOCAR, OGT 2023-iň premýer-hyzmatdaşy hökmünde yglan edildi.
Ştab-kwartirasy Şweýsariýada ýerleşýän SOCAR 2007-nji ýylyň dekabrynda Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) marketing bölümi hökmünde hasaba alyndy. Ol Azeri-Çirag-Güneşli ýatagyndan we Azerbaýjanyň beýleki ýakyn ýataklaryndan alnan Azerbaýjanyň nebitini satmak maksady bilen döredildi. Şondan bäri bu kompaniýa halkara bazaryndaky gatnaşygyny ep-esli giňeltdi we häzirki wagtda Türkmenistan bilen nebit we nebit önümleri babatynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga eýe boldy.
SOCAR logistika amallaryna maýa goýmakda, nebit we üçünji tarap nebit önümlerini satmakda we nebiti gaýtadan işlemek işlerine gatnaşmakda möhüm ösüş gazandy. Şeýle hem bu kompaniýa, Gruziýada ýerleşýän Günbatar ugrunda nebit turbageçirijisi bilen (WREP), Türkiýede Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTC) we Russiýada Baku-Noworossiysk arkaly Azerbaýjan nebitini iberýär.
SOCAR döwlete degişli kärhananyň we garaşsyz haryt söwda kompaniýasynyň artykmaçlyklaryny birleşdirýändigi bilen özboluşlydyr. Giňişleýin IT ulgamlary we içerki gözegçilik gurluşy tarapyndan goldanýan ýokary hünärli hünärmenler we dolandyryş toparynyň oňat utgaşdyrylan tagallalary netijesinde SOCAR dünýädäki iň üstünlikli energetika ugurly söwda kompaniýalarynyň birine öwrüldi.

Kompaniýa öz işini jogapkärçilikli alyp barýar we soňky ýyllarda töwekgelçiligi dolandyrmak, gözegçilik etmek we ýerine ýetirmek üçin ep-esli wagt we serişde goýdy. Bu, esasy pudak hünärmenlerini işe almak we çylşyrymly IT goldaw ulgamlaryny ornaşdyrmak arkaly gazanyldy.
SOCAR, Ýewropa we dünýä banklarynyň giň topary, şeýle hem Türkmenistan ýaly beýleki döwlet guramalary bilen hyzmatdaşlykda bütin dünýäde hyzmatdaşlygy we işewür gatnaşyklary ýola goýdy. Hazar deňzinde bu kompaniýa söwda akymlaryny ýeňilleşdirmek üçin birnäçe fiziki infrastruktura taslamalaryna maýa goýdy we sebitde öndürilýän dürli derejeli nebit eksport akymlary üçin logistika merkezine öwrüldi. Gymmatlyk zynjyrynyň ähli basgançaklarynda bar bolan SOCAR, 2021-2033-nji ýyllarda ýeňil nebit we suwuklandyrylan tebigy gaz söwdasyny artdyrmak, nebit önümleri söwdasyny ösdürmek we Günorta we Gündogar Ýewropadaky gaz söwdasynda ornuny giňeltmek bilen has-da ösýär.
SOCAR, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Hazar deňzindäki Dostluk uglewodorod ýatagyny bilelikde gözlemek we ösdürmek boýunça iki hökümetiň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilenden soň, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň has-da möhüm rol oýnajakdygyna ynanýar.
Bu ýatak, Günbatara tebigy gaz eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açar. Onuň nebit gorlary takmynan 60 million tonna, tebigy gaz gory bolsa - 100 milliard kub metre barabardyr.
Iş toparynyň dördünji ýygnagynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökümetleriniň arasynda Hazar Dostluk ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça ylalaşygy taýýarlamak üçin bilelikdäki işde gazanylan üstünlikler bellendi.
SOCAR-yň OGT 2023-e gatnaşmagy, bu çärä gatnaşjak milli we halkara energiýa kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň indiki tapgyry bolar.
Çäre barada giňişleýin maglumaty şu web salgydan tapyp bilersiňiz.

ORIENT news








