Habarlar

Türkmenistan we Ýaponiýa Osakada geçiriljek Expo 2025 sergisine gatnaşmaga taýýarlygyň barşyna garadylarTürkmenistan we Ýaponiýa Osakada geçiriljek Expo 2025 sergisine gatnaşmaga taýýarlygyň barşyna garadylar

Türkmenistan we Ýaponiýa Osakada geçiriljek Expo 2025 sergisine gatnaşmaga taýýarlygyň barşyna garadylar

Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda Osakada geçiriljek Expo 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygyna garaldy. Duşuşyga diplomatlardan başga-da Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri hem-de milli pawilýonyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tabşyrylan Belli ES türkmen kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek üçin çäklerde barlag geçirmegiň täze usuluny oýlap tapdylarTürkmenistanda seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek üçin çäklerde barlag geçirmegiň täze usuluny oýlap tapdylar

Türkmenistanda seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek üçin çäklerde barlag geçirmegiň täze usuluny oýlap tapdylar

Ýaponiýada saparda bolan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümindäki Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlary seýsmiki töwekgelçilikleri peseltmek ulgamynda ýapon kärdeşleriniň tejribesini öwrendiler. Sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu taslama iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Aşgabatda seýsmiki howpa toplumlaýyn baha bermegi göz öňünde tutýar.