Türkmenistanyň Prezidenti okuw-türgenleşigine bardy


Şenbe güni, 21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw-türgenleşik merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigi geçirildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan hem-de Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, ony öňdebaryjy ýaraglar we harby tehnikalar bilen üpjün etmäge gönükdirilen köptaraply harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dowam edýär.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gelende, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew bilelikdäki okuw türgenleşigine taýýarlyk barada hasabat berdi. Harby türgenleşige Ýaragly Güýçleriň guryýer, howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-howa, harby-deňiz hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň ähli düzüm birlikleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly düzümleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, okuw türgenleşiginiň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra Harby orkestr belent ruha beslenen watançylyk aýdymyny ýerine ýetirdi.
«Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, bu gezekki türgenleşigiň maksady harby hünärmenlerimiziň ýerde, howada, deňizde söweş alyp barmak sungatynyň we taktikasynyň täze, öňdebaryjy usulyýetini, tilsimlerini sazlaşykly ýerine ýetirip, hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi», - diýip türkmen Döwlet tele-radio habarlarynda türgenleşik ýaýlymynda bellediler.

Harby türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot atyş urgulary «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni aragatnaşykda sanly ulgam arkaly ýörite ekranlarda görkezildi.
Bu gezekki harby okuw türgenleşigi ýurdumyzyň beýleki goşun galalaryndaky we deňiz güýçlerimizdäki okuw merkezlerinde-de geçirilip, olar sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda göni ýaýlymda görkezildi.

Toparlaryň öňünde garşylykly hereket edýän toparlary zyýansyzlandyrmak, garşydaşyň howa hüjümlerine garşy göreşmek, ýörişi bökdemek üçin döredilen meýdandan ýörite himiki gorag serişdelerini ulanyp ýitgisiz geçmek, suw päsgelçiliklerinden geçmek boýunça wezipeler goýuldy. Harby-deňiz güýçleriň harby türgenleşige gatnaşýan gämileri garşydaşyň hereket edýän gämilerine garşy hereket etmek boýunça harby-deňiz taktikasyna laýyklykda, bilelikdäki söweşjeň meýilnamalaşdyryşy amala aşyrdylar.

Türgenleşigiň dowamynda Ýaragly Güýçleriň häzirki zaman aňtaw-urgy toplumynyň uçarmansyz uçýan enjamlary kesgitlenen beýiklige galyp, nyşanany aňtamak bilen, howadaky söweşjeň nobatçylyga girişdi. Toparlaýyn howa hüjümini serpikdirmek üçin asmana atyjylar ot açyp, söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.
Uçarmansyz uçýan enjamlaryň kömegi arkaly ýüze çykarylan nyşanalary, ýagny raketa toplumlaryny ýok etmek meýilleşdirildi. Kesgitlenen nyşana garşy takyk urgynyň geçirilmegi bilen, garşylykly güýçler hatardan çykaryldy.

Görkezme-taktiki türgenleşik okuwlarynyň barşynda harby deňizçiler Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň wekilleri bilen sazlaşykly hereket edip, deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny goramak işinde, umuman, döwletiň çäk bitewüligini, türkmen halkynyň asuda durmuşyny üpjün etmekde döwrebap tehnikalara ussatlyk bilen erk edişlerini görkezdiler.

Bu günki geçirilýän harby okuw türgenleşiginde ýörite maksatly toparlar söweşjeň ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, ýörite maksatly «Türkmen edermen» topary aňtaw çärelerini geçirip, garşylykly toparlaryň ýerlerini kesgitlediler hem-de uçarmansyz enjamlaryň kömegi bilen nyşanalary belgilediler. Olar ele alnan binanyň daş-töweregini gabawa almak bilen, bikanun ýaraglanan toparlaryň hereketlerini saklamak boýunça, şäher şertlerinde we ilatly nokatlarda söweş hereketlerini alyp barýarlar. Ýaragly düzümleriň ýörite maksatly toparlarynyň bilelikde geçiren söweş hereketleriniň netijesinde, bikanun ýaraglanan toparlar uly ýitgä sezewar edilýär.

Zabt etmegiň depginini has-da ýokarlandyrmak hem-de şertli garşydaşyň güýjüni doly zyýansyzlandyrmak üçin hereketlere dikuçarlar goşulýar. Dikuçarlaryň kömegi bilen kuwwaty artdyrylan zabt ediji toparlar binanyň üçeginden düşüp, ýokarky gatlaryň penjirelerinden hüjümi amala aşyrýarlar. Olar dessin hereket arkaly zabt etmek, taktiki ot açyş emellerini ýerine ýetirmek, söweş hereketlerinde özara penalamak we dolandyrmak boýunça hereketleri başarjaňlyk bilen alyp barýarlar.

Soňra howa giňişliginde garşylykly hüjümi ýerine ýetiren goşun bölümlerine howadan goldaw bermek üçin söweşjeň uçarlar söweşe girişýärler. Howadan hüjüm edýän söweşjeň uçarlar yzygiderli howa urgularyny amala aşyryp, garşydaş nyşanalary hatardan çykardylar.
Şeýlelikde, ähli düzüm bölümleriniň şahsy düzümi öňde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezip, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuw-türgenleşik merkeziniň ýörite meýdançasynda görkezilen söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda harby gullukçylaryň öňünde durýan möhüm wezipäniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan hem-de Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmekden, halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, döwletimiz tarapyndan goşunlaryň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreleriň görüljekdigini nygtady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezen esgerlerdir serkerdelere möhüm we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde — mähriban Watanymyzyň asudalygyny goramakda üstünlikleri arzuw etdi.
ORIENT news








