Türkmen ilçisi Täjigistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy


23-nji oktýabrda Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasynda täze bellenen ilçisi Aýmyrat Goçmyradowyň Prezident Emomali Rahmona ynanç hatyny gowşurmak çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmen ilçisi Prezident Emomali Rahmona Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň däp bolan özara bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny nygtady.

Prezident Rahmon türkmen ilçisini wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinda üstünlikleri arzuw etdi. Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi, türkmen halkyna bolsa, gülläp ösüşi arzuw edýändigini aýtdy.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn, şeýle hem sebit we halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Taraplar ykdysady, medeni-ynsanperwerlik we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de gieňltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
ORIENT news








