HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly ýaş alym Rimde daşky gurşawy goramak boýunça geçirilen bäsleşikde grant utdy

Oktýabr 23, 2023 | 13:21 |8074
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ogulşirin Täjowa Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen "Youth4Climate: Sparking Solutions 2023" («Ýaşlar üçin daşky gurşaw») bäsleşigine gatnaşdy.Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ogulşirin Täjowa Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen "Youth4Climate: Sparking Solutions 2023" («Ýaşlar üçin daşky gurşaw») bäsleşigine gatnaşdy.
Çeşme: BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Ogulşirin Täjowa Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen "Youth4Climate: Sparking Solutions 2023" («Ýaşlar üçin daşky gurşaw») bäsleşigine gatnaşdy.

Talyp gelin özüniň "Gündelik durmuşda ikinji derejeli çig maly ulanmagyň häzirki zaman öňdebaryjy usuly" atly ylmy işi bilen tanyşdyrdy.

Ogulşirin daşky gurşawy goramak işine ýaşlary çekmäge gönükdirilen bu bäsleşigiň ýeňijisi bolup, öz ylmy işini Türkmenistanda dowam etmek üçin grant (maliýe goldawy) aldy.

«Youth4Climate: Powering Action» atly ählumumy başlangyjy Italiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Italiýadaky wekilhanasy tarapyndan durmuşa geçirilýär.

65362d1cba1d3037219305.jpg

Geçen ýyl Ogulşirin Şäherleriň bütindünýä güni mynasybetli talyplaryň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginde hem öz işi bilen birinji orny eýeledi. Bu bäsleşik BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Daşky gurşawy goramak ministrligi we Bilim ministrligi tarapyndan ýaş ekologlaryň innowasion we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek, tebigy serişdeleriň durnukly ulanylmagyna ýardam bermek maksady bilen guraldy.

Özüniň işinde Ogulşirin ýönekeýje piroliz reaktoryny ulanyp, ikinji derejeli çig maldan ýangyç suwuklygyny, gaz we gurluşyk serişdesini alýar. Öz ylmy taslamasynyň ykdysady bähbitlerini ýokarlandyrmak üçin Ogulşirin alnan gazy enjamyň işlemegi üçin ýangyç hökmünde ulanylmagyny ýola goýmagy başarypdyr. Alnan galyndy bolsa, gurluşyk serişdesi hökmünde ulanyp bolýar.

65362d216d53d882045551.jpg

"Bu ylmy işiň daşky gurşawyň hapalanmagynyň derejesini azaltmakda netijeli bolar" diýip, Ogulşirin aýdýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026